Türkiýe Siriýada 170 müň adam üçin düşelge gurar

Türkiýe Siriýada 9 zolakda 170 müň adam üçin düşelge gurar

923870
Türkiýe Siriýada 170 müň adam üçin düşelge gurar

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk sebitiň halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek üçin 20-njy ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin elinden geleni edýändigini aýtdy.

Hami Aksoý Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygynda terror guramalaryna garşy 2016-njy ýylyň 24-nji awgustynda başladan we 7 aýa golaý dowam eden Ýefrat galkany operasiýasy netijesinde terrordan saplanan zolakda we İdlib şäherinde 170 müň adamlyk 9 düşelge gurjakdygyny aýtdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar