Türkiýe Gresiýanyň Prezidentine nägilelik bildirdi

Türkiýe Gresiýanyň Prezidenti Prokopis Pawlopoulosa “Halkara hukuga we Türkiýäniň serhetlerine hormat goýmak” barada çagyryş berdi

924531
Türkiýe Gresiýanyň Prezidentine nägilelik bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý: “Gresiýanyň Prezidenti Prokopis Pawlopoulosa halkara hukuga we ýurdyň serhetlerine hormat goýmaga, wezipesine gelişmeýän we sebäpsiz ýere dartgynlyga sebäp bolup biljek sözlerden uzak durmaga çagyrýarys” diýdi.

Hami Aksoý Prokopis Pawlopoulosyň Türkiýä garşy aýdan sözleri bilen bagly ýazmaça ýagdaýda beyanat berdi.

Gresiýanyň Prezidenti Prokopis Pawlopoulosyň: “Taryhy ýagdaýda bize berilmeli bolan topraklara eýe bolman bileris. Taryh mejbur etdigi saýyn biz hem ata-babalarymyzyň edenini ederis” diýen sözleriniň grek metbugatynda orun berilendigini ýatladan Aksoý: “Gresiýanyň Prezidenti Prokopis Pawlopoulosa halkara hukuga we ýurdyň serhetlerine hormat goýmaga, wezipesine gelişmeýän we sebäpsiz ýere dartgynlyga sebäp bolup biljek sözlerden uzak durmaga çagyrýarys” diýdi.



Degişli Habarlar