PÝD-niň ozalky ýolbaşçysy Salih Müslümiň kazyýet diňlenşigi yza süýşürildi

Bu barada Türkiýäniň Çehiýadaky ilçisi beýanat berdi

918530
PÝD-niň ozalky ýolbaşçysy Salih Müslümiň kazyýet diňlenşigi yza süýşürildi

Türkiýäniň Çehiýadaky ilçisi Ahmet Nejati Bigaly düýn Çehiýada ele salynan we şu gün kazyýet diňlenşigine çykarylmagyna garaşylýan terror guramasy PÝD-niň ozalky ýolbaşçysy Salih Müslümiň kazyýet diňlenşiginiň yza süýşürilendigini beýan etdi.

Salih Müslümiň saklanmagy barada beýanat beren Bigaly; “Şu gün kazyýet diňlenşigine çykarylmagyna garaşylýardy, emma diňlenşik resminamalaryň kazyýet tarapyndan seljerilmegi üçin ertire süýşürildi” diýdi.

Bigaly: “Salim Müslüm ygtyýarly organlar tarapyndan birnäçe wagtdan bäri gyzyl býulleten bilen gözlenýän terror lideri. Türk İnterpoly gyzyl býulleten çykardy. Şübheliniň 24-nji fewralda Praga gelendigi anyklandy. Şondan soň 24-nji fewralda çeh polisi tarapyndan saklandy. Şu gün kazyýet diňlenşigi bolmalydy, emma resminamalaryň seljerilmegi üçin ertire geçirildi” diýdi.

İlçi Bigaly; “Kazyýet Salih Müslümiň tussag edilmegi ýa-da boşadylmagy barada höküm çykarar. Biz onuň tussag edilmegi barada çözgüt çykarmagyna garaşýarys. Biz onuň wagtlaýynça tussag edilmegi baradaky talaby degişli ýerlere ýetirdik. İlkinji nobatda 40 gün möhlet bilen wagtlaýynça tussag edilmegi. Ähli ýurtlarda bolşy ýaly Çehiýada-da kazyýetler garaşsyz. Emma biz şol terror liderinin saklanmagyny isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar