Çawuşogly Türkiýäniň daşary syýasatyny ýakyndan gyzyklandyrýan ugurlar barada beýanat berdi

“Amerikanyň PÝD/ÝPG-ä beren harby kömegi hyzmatdaşlygymyza hem zeper ýetirýär”

902614
Çawuşogly Türkiýäniň daşary syýasatyny ýakyndan gyzyklandyrýan ugurlar barada beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly “Amerikan goşunynyň PÝD/ÝPG-li terrorçylara beren harby kömegi diňe Türkiýäniň howpsyzlygyna wehim salmak bilen çäklenmän eýsem şol bir wagtda hyzmatdaşlygymyza hem zeper ýetirýär” diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly Kanadada neşir edilýän žurnallaryň birine Türkiýäniň daşary syýasatyny ýakyndan gyzyklandyrýan ugurlar barada beýanat berdi.

Çawuşogly “ABŞ bilen ýokary derejeli gepleşiklerimiz dowam edýär we aragatnaşygyň dowam etmeginiň möhümdigine ynanýarys” diýdi.

Çawuşogly “2018-nji ýylda Siriýadaky çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin Astana, Soçi we Ženewa gepleşikleriniň netijeli bolmagy üçin tagalla etmäge dowam ederis” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly mundan başgada Yragyň özbaşdaklygynyň we territorial bitewiliginiň goralyp saklanmagynyň Türkiýe taýdan diýseň möhümdigine ünsi çekdi.

Çawuşogly Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň 2017-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçiren bikanun referendumyna garşy çykandyklaryny ýatlatdy.

Ministr Çawuşogly Iýerusalim barada bolsa “Iýerusalimiň goralmagy ähli adamzadyň esasy wezipesidir we hiç kim Iýerusalimiň statusyny bir taraply ýagdaýda üýtgetmek hukugyna eýe däl”diýdi.

Demirgazyk Koreýanyň geçirýän ýadro we balistiki raketa synaglary barada hem durup geçen Çawuşogly, Demirgazyk Koreýanyň halkara hukugyny basgylaýandygyny nygtady.

 

 



Degişli Habarlar