Üç lider Russiýada Siriýanyň geljegini ara alyp maslahatlaşýar

Russiýanyň ýer eýeçiliginde  resmi Ankara, Moskwa we Tähran stoluň başyna oturdy

852865
Üç lider Russiýada Siriýanyň geljegini ara alyp maslahatlaşýar

Prezident R.T.Erdoganyň eýranly kardeşi Hasan Ruhani bilen 15:50-de başlan duşuşygy tamamlandy.

Russiýanyň Prezident Wladimir Putiniň we Ruhaniniň gatnaşmagynda geçiriljek üç taraplaýyn maslahatdan soň bilelikde metbugat ýygnagy guralar.

Prezident Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani soň bolsa resmi agşam naharynda duşuşarlar.

Maslahatda Siriýada syýasy çözgüdiň tapylmagy üçin ediljek başlangyçlar, çaknyşyklaryň azaldylmagy üçin görüljek çäreler, terror guramalaryna garşy göreş we ynsanperwer kömekleriniň sebite ýetirilmegi ýaly ugurlara garalar.

Soçide liderleriň maslahatyndan ozal üç ýurduň baş ştabynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi.

Baş ştabyň başlygy general Hulusi Akar, Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Waleri Gerasimow bilen özara duşuşyk geçirdi.

Akar Eýranyň Baş ştabynyň başlygy general maýor Muhammet Bageri bilen hem duşuşdy.

Duşuşykda Siriýadaky howpsyzlyk meseleleri, terror guramalaryna garşy göreşde hyzmatdaşlyk we Siriýada döredilen çaknyşyksyz zolaklar barada pikir alyşyldy.



Degişli Habarlar