“Kürt Awtonomiýasynda geçirilen referendum ýok hökmünde”

Wise-premýer Bekir Bozdag hususy teleýaýlymlardan biriniň göni ýaýlymynda soraglara jogap berdi

821755
“Kürt Awtonomiýasynda geçirilen referendum ýok hökmünde”

Bozdag Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň 25-nji sentýabrda geçiren bikanun referendumynyň Türkiýe we halkara hukugy taýdan ýok hökmündedigini ýene-de bir gezek nygtady.

Emma muňa garamazdan Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň şeýle işe girişendigini nygtan Bozdag, Türkiýäniň bu meselede nämeler etjekdigini Milli howpsyzlyk geňeşiniň we Ministrler kabinetiniň mejlislerinde ara alyp maslahatlaşyp, iş meýilnamasyny kesgitländigini, serhetaşa operasiýa guramak baradaky ygtyýarnamany öňe sürşürendigini we türgenleşige başlandygyny nygtady.

Erbile we Süleýmaniýä uçuşlaryň bes edilendigini, Türkiýäniň Yragyň merkezi hökümeti bilen işlejekdiginiň beýan edilendigini ýatladan Bekir Bozdag; “Häzirki wagtda hökümetimiz we döwletimiz YKA-nyň mundan soňky çemeleşmesine görä haýsy göçümi etjekdigini kesgitledi. Olar wagty gelende haýsydyr bir özgerlişik bolman halatynda ýeke-ýekeden iş ýüzüne geçiriler” diýdi.

Serhetýakasynda dowam edýän türgenleşik baradaky we Türkiýäniň Siriýanyň Afrin etrabyna girip-girmejekdigi hakyndaky soraga jogap beren Bozdag, Yrakda we Siriýada başdan geçirilýän wakalaryň ählisiniň Türkiýäniň milli howpsyzlygy bilen gönüden arabaglanşyklydygyny we milli howpsyzlyga wehim salýandygyny gürrüň berdi.

ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD we ÝPG bilen hyzmatdaşlyk edýändigini ýatladan Bozdag, ABŞ-ny şol ýalňyşlykdan el çekmäge çagyrdy.

ÝPG-niň we PKK-nyň sebitdäki maksatlaryndan biriniň hem Siriýanyň demirgazygynda terror koridoryny emele getirmekdigini nygtan Bozdag: “Biz terror koridorynyň açylmagyna ýol bermeris. Siriýanyň Demirgazygynda oýunlar bilen ediljek haýsydyr bir özgerlişik sebite apatdan başga netije getirmez” diýdi.

İdlibde, Afrinde we sebitde bolup geçýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny beýan eden Bozdag, Astanada mesele boýunça iňňän möhüm kararlaryň kabul edilendigini, şol çäkde taýarlyklaryň görülendigini aýtdy.



Degişli Habarlar