Daşary işler ministri Polşa gider

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Polşada saparda bolar

796007
Daşary işler ministri Polşa gider

Çawuşogly Türkiýe-Rumyniýa-Polşanyň Daşary işler ministrleriniň syýasy-harby maslahatçylarynyň 25-nji awgutsda geçiriljek maslahatyna gatnaşar.

Polşa saparynyň çäginde ministr Çawuşoglynyň ol ýerde ýaşaýan türkler bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Ilkinjisi 2016-njy ýylyň 9-njy iýunynda Warşawada, 2-njisi 2016-njy ýylyň 25-nji awgustynda Ankarada geçirilen syýasy-harby maslahatçylaryň 3-nji maslahatynda terrora garşy göreşde NATO-nyň rolunyň güýçlendirilmegi meselesi başda bolmak bilen, NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň Uelsde, Warşawada we Brýusselde geçirilen ýokary derejeli maslahatlarda kabul eden kararlarynyň çäginde NATO-nyň Gündogar we Günorta Ýewropadaky howpsyzlyk ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar