Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlis toparynda çykyş etdi

Erdogan partiýanyň başlygy hökmünde 1044 gün soň Adalat we ösüş paretiýasynyň Mejlis toparynyň maslahatynda çykyş etdi

742267
Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlis toparynda çykyş etdi

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R.T.Erdogan dünýäni terrorçylyga garşy göreşiň halkara utgaşyklykda alyp barmaga çagyrdy

Erdogan partiýanyň başlygy hökmünde 1044 gün soň Adalat we ösüş paretiýasynyň Mejlis toparynyň maslahatynda çykyş etdi.

Erdogan çykyşynda Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamyna garşy göreşe ünsi çekdi.

FETÖ-niň ýolbaşçysynyň başda gurmagynda guramanyň daşary ýurtlardaky agzalarynyň Türkiýä gaýtarylyp berilmegini islän Erdogan; “Bütin dünýä ýüzlenýärin, eger FETÖ-çileri yzy bermeseňiz ertir siziň isleýänleriňizden bizde bolanlaryny almarsyňyz. Terrorçylyga garşy göreş ýerli däl, halkara utgaşyklykda alynyp barylmaly. FETÖ-çileri yzy bermän halatyňyzda degişli çäreleri göreris. Olary enşalla raýatlykdan çykararsyňyz” diýdi.

Türkiýäniň terror guramalaryna garşy alyp barýan göreşinde uly netije alandygyny nygtan Erdogan; “Soňky 2 aýda 3336 terrorçyny ýok eden howpsyzlyk güýçlerimiziň 43 işgäri şehit boldy. Terror guramasyna görülnedik zarba urup, agyr ýaraglary ele salan howpsyzlyk güýçlerimize minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Siriýadaky we Yrakdaky içerki uruş sebäpli ýurtlaryndan jyda düşenler üçin Türkiýäniň eden pidakärligi barada-da durup geçen Erdogan; “Siriýadan we Yrakdan ýurdumyza gelen 3 million doganymyz üçin eden işlerimiz bilen äwmezeklere sapak berdik. Türkiýe geçen ýyl beren 5,6 milliard dollarlyk ynsanperwer kömegi bilen bütin dünýä görelde boldy” diýdi.



Degişli Habarlar