Süleýman Soýly Tekirdagda arçynlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Türkiýäniň öz geljegini pikir etmäge başlamagy bilen adam hukuklary we azatlyklar barada hekaýa aýdyp ýören Günbataryň ýüzündäki maskasynyň birdenkä gaçandygyny belledi

707662
Süleýman Soýly Tekirdagda arçynlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

Ministr Süleýman Soýly Tekirdagda eden çykyşynda dünýäniň soňky wagtlarda iň köp aladalandyran sözüň özgeriş sözüdigini habar berdi.

Günbataryň özgeriş isleýänleriň özgerişine tapawutly garşylyk görkezýändigini aýdan Soýlu: “Dünýä üýtgeýär, aragatnaşyk örän tiz ýagdaýda özgerýär, dünýäniň her burçy biri-birine ýakynlaşýar, serhetler ortadan aýrylýar we Berlin diwarynyň ýumrulmagy dünýä üçin wajyp bir alamat boldy” diýdi.

Türkiýäniň 2002-nji ýyldan bäri başyndan geçirýän özgeriş we innowasiýalara garamazdan Günbatar medeniýetiniň barha artýan garşylyk görkezmegi bilen baş-başadyklaryny ünsleri çeken ministr Soýlu: “Türkiýe her eden hereketinde, orta atan taslamalarynda ilki bilen bir haýbat, soň garşylyk, iň soňunda bolsa garyşma bilen ýüz-ýüze geldi” diýdi.

Türkiýäniň indi maksatlary bolan, öz güýjüni bilýän, asudalyga gowuşan ýurtdygyny aýdan Süleýman Soýlu şol sebäpli Günbataryň Türkiýä garşy hyzmatdaş we dost düşünjesiniň üýtgändigini belledi.



Degişli Habarlar