FETÖ-niň ýolbaşçysy Güleniň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na goşmaga subutnama hödürledi
Tramp döwründe Güleniň yzyna berilmegi üçin goşmaga subutnamalary öz içine alýan delo hödürlendi
Türkiýe 15-nji iýulda agdarlyşyk etmäge synanşan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na goşmaga subutnama hödürledi.
Izmiriň welaýat prokuroturasy tarapyndan taýarlanan FETÖ deilnamasynda şaýatlaryň agdarlyşygyň hut Güleniň görkezmesine laýyklykda taýarlanandygyny öz içine alýan düşündirişleri terjime edildi we goşmaça delo hökmünde ABŞ-nyň Adalat ministrligine hem internet arkaly hem-de ýazmaça görnüşde ugradyldy.
Delilnamadaky “Kuzgun” lakamaly şaýat düşündirişinde, Türk ýaragly güýçleriniň hatarynda ýer alýan gaçgak “ymam” hökmünde bilinýän Adil Öksüziň agdarlyşyk meýilnamasyny taýarlanlardan biridigini we meýilnamanyň 2016-njy ýylyň 12-nji iýulynda ABŞ-da Gülene tassykladandan soň durmuşa geçirilmäge başlanandygyny nygtady.
“Şapka” lakamly başga bir şaýat hem düşündirişinde meýilnamanyň paýtagt Ankaradaky willalaryň birinde Güleniň görkezmesine laýyklykda taýarlanandygyny we Adil Öksüziň ýörite ABŞ-na gidendigini we meýilnamany Güle hödürländigini aýdypdy.
ABŞ-nyň, 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyny meýilleşdirenlerden biri bolan Adil Öksüziň şol ýurda gidip gelen seneleriniň kesgitlenilmegini isländigi nygtaldy.
Goşmaça deloda ABŞ-na Adil Öksüziň ABŞ-na gidip gelen senelerinden uçardaky kürsi nomerine çenli doly maglumat berildi.
Şeýlelikde täze Prezident Donald Tramp döwründe Güleniň yzyna berilmegi üçin goşmaga subutnamalary öz içine alýan delo hödürlendi.
Degişli Habarlar
Gresiýanyň Premýer-ministri Ankarada Saparda Bolýar
Mikotakis Prezidentiň Kompleksinde Prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi.