"FETÖ- indi Pakistanda iş alyp baryp bilmez"

"FETÖ indi Pakistanda iş alyp baryp bilmez. Bu meselede beren goldawlary üçin Pakistanyň hökümetine öz minnetdarlygymy bildirýärin"

612627
"FETÖ- indi Pakistanda iş alyp baryp bilmez"

Prezident R. T. Erdogan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň indi Pakistanda iş alyp baryp bilmejekdigini aýtdy.

Pakistanda saparda bolýan Prezident Erdogan Premýer ministr Nawaz Şerif tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Prezident Erdogan özara duşuşykdan soň guralan bilelikdäki metbugat ýygnagynda FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň Pakistanyň Türkiýäniň ýakyn dostydygyny subut edendigini aýtdy.

Prezident Erdogan “FETÖ indi Pakistanda iş alyp baryp bilmez. Bu meselede beren goldawlary üçin Pakistanyň hökümetine öz minnetdarlygymy bildirýärin we bu tutumyň dost we doganlyk ýurtlara görelde bolmagyny tama edýärin” diýdi.

Türkiýäniň terrora garşy göreşde Pakistanda goldaw berýändigini aýdan Prezident Erdogan “Pakistan hem biziň ýaly terror sebäpli uly ýitgi çekdi we ýitgi çekmäge dowam edýäris. Biz FETÖ, PKK, ÝPG we PÝD ýaly terror guramalaryna garşy göreşýäris. Edil şonuň ýaly terrora garşy göreşde Pakistany ýalňyz goýmarys”diýip belledi.

Pakistan bilen edýän gatnaşyklarynyň Premýer ministrligi döwründen 14 ýyldan bäri pugtalanmak bilen dowam edýändigini aýdan Prezident Erdogan iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, harby, söwda, saglygy goraýyş, energetika we medeniýet ýaly birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk edilýändigini belledi.

Prezident Erdogan 2017-nji ýyldan öň iki ýurduň arasynda erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagynyň meýilleşdirilýändigini nygtady.

 



Degişli Habarlar