Türkiýäniň Prezidenti Belarussiýa resmi sapar gurar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan we ýanyndaky wekiliýet 11-nji noýabrda Belarussiýa resmi sapar gurar

606205
Türkiýäniň Prezidenti Belarussiýa resmi sapar gurar

Prezident Erdoganyň we Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň ýolbaşçylygynda boljak duşuşyklarda iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen birlikde sebitleýin meseleler orta atylar.

Duşuşykda mundan başgada iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanşykly mümükinçilikleriň ele alynmagyna, dürli-dürli şertnamalaryň we protokollaryň gol çekilmegine garaşylýar.

Türk-Belarus işewürler forumynda çykyş etjek Prezident Erdogan şeýle hem Türkiýäniň Din işler guramasy tarapyndan abatlanan Minsk metjidiniň açylyşynada gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.



Degişli Habarlar