Bombanyň partlamagy netijesinde 1 çaga ýogaldy

Wakada şeýle hem 2 çaga ýaralandy

587686
Bombanyň partlamagy netijesinde 1 çaga ýogaldy

Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda çagalaryň boş meýdanda tapan jisiminiň ellerinde partlamagy netijesinde 1 çaga ýogaldy, 2 çaga ýaralandy.

Etrapda terrorçylykly hüjümleriň netijesinde zeper ýeten mekdebiň golaýynda boş meýdanda oýnaýan çagalar bir jisim tapdylar.

Çagalaryň tarapyndan tapylan gorjalanmagy sebäpli partlady. Wakada 2-siniň ýagdaýy agyr bolan 3 çaga ýaralandy.

Ýaralanan çagalar Ýüksekowa döwlet hassahanasyna alynyp gidildi.

Partlamada agyr ýaralanan 11 ýaşly Umut Aýwalyk ähli edilen tagallalara garamazdan halas edilip bilnmedi we ýogaldy.

Agyr ýaralanan Hakan Aýwalyk bolsa Wan welaýatyna iberildi.

Polisiýa gullugynyň işgärleri wakanyň bolan ýerinde derňew geçirdiler.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.


Etiketkalar: #Hakkari , #bomba , #boş meýdan , #çaga

Degişli Habarlar