Türkiýäniň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

568195
Türkiýäniň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi

Alynan maglumata görä telefon söhebetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we Siriýadaky soňky wakalar ele alyndy.

Prezident Erdogan söhbetdeşligiň barşynda Siriýanyň Halap şäherinde od açmazlyk baradaky ylalaşygyň iň gysga wagtda ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

R.T. Erdogan we Wladimir Putin golaýlap gelýän Gurban baýramy mynasybetli Halapda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ABŞ bilen gepleşikleriň geçirilýändigini mälim etdiler.

Iki lider ylalaşygyň iň gysga wagtda ýola goýulmagy babatynda ylalaşdylar.

Ýewfrat galkany operasiýasyny hem ara alyp maslahatlaşan iki lider Türkiýäniň serhediniň başda DAEŞ bolmak bilen ähli terror guramalaryndan saplanmagynyň wajypdygyny bellediler.

Türkiýäniň Prezidenti telefon söhbetdeşliginde Jerablus we Al Rai sebitiniň ýaşaýjylarynyň Türkiýeden yzlaryna dolanyp barmaga başlandyklaryny habar berdi.

Söhbetdeşlikde Akkuýu Ýadro desgasy we Türk Akymy taslamalaryny öz içine alýan energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, Russiýa-Türkiýe arasynda çarter saparlarynyň ýaňadandan başlanmagy ýaly ikitaraplaýyn meseleler hem ara alynyp maslahatlaşyldy.



Degişli Habarlar