ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýden şu gün Ankarada saparda bolar

Baýden saparynyň dowamynda ilki Mejlisiň Başlygy İsmail Kahraman bilen duşuşar

557977
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýden şu gün Ankarada saparda bolar

Soň 15-nji iýulda guralan agdarlyşyk synanşygynda bombalanan Mejlisiň binasyna baryp görer

Çankaýa köşkünde Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen duşuşjak Jo Baýden, soň Prezdizident R.T.Erdogan tarapyndan kabul ediler.

Prezident kompleksine barjak ilkinji amerikaly lider bolan Baýden Erdogan bilen ikiçäk duşuşyk geçirer.

Baýden metbugata ýapyk häsýetde geçiriljek duşuşykdan soň agşam ara Türkiýeden gider.

Jo Baýdeniň sapary barada Premýer ministrlikden berilen beýanatda ABŞ-dan ýurdumyza guraljak ýokary derejeli saparda ABŞ bilen özra gatnaşyklarymyzyň ähli taraplaýyn seljerilmegi göz öňünde tutulýar” diýildi.



Degişli Habarlar