Şyrnak, Hakkari we Wan welaýatlarynda terrorçylykly hüjüm guraldy

Şyrnak welaýatynyň Uludere etrabynda ýola goýulan partlaýyjynyň ýarylmagy sebäpli 2 esger şehit boldy

557665
Şyrnak, Hakkari we Wan welaýatlarynda terrorçylykly hüjüm guraldy

Uludere etrabynda harby ulaglar geçýärkä PKK terrorçylary tarapyndan goýulan partlaýyjy ýaryldy. Partlamadan soň giň gerimli operasiýa başladyldy.

Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda bolsa terrorçylar tarapyndan ýola goýulan partlaýyjynyň ýarylmagy sebäpli harby ulagdaky 3 esger ýaralandy.

Etrabyň Ýeşilowa etrabynda PKK terrorçylary tarapyndan harby ulag geçýärkä guralan hüjümde ýaralanan esgerler dik uçar bilen Hakkari döwlet hassahanasyna alynyp gidildi.

Terrorçylaryň ele salynmağy üçin giň gerimli operasiýa başladyldy.

Wan welaýatynyň Çatak etrabynda-da žandarm merkezine terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 1 esger ýaralandy.

Ýaraly esger Çatak döwlet hassahanasyndaky bejergisinden soň Wanyň Ýüzünji ýyl uniwersitetiniň hassahanasyna alynyp gidildi.

Howpsyzlyk güýçleri gaçan terrorçylaryň ele salynmağy üçin başladylan operasiýada Çatak-Wan gara ýolunyň ugrunda goýulan partlaýyjyny gözegçilikli ýagdaýda ýardy.



Degişli Habarlar