Binali Ýyldyrym agdarlyşyk synanyşygyndan soň ilkinji gezek Baş ştaba bardy

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygyndan soň, ilkinji gezek Baş ştaba baryp gördi

545684
Binali Ýyldyrym agdarlyşyk synanyşygyndan soň ilkinji gezek Baş ştaba bardy

Premýer ministr Ýyldyrym ştaba gelen wagty Baş ştabyň başlygy Hulusu Akar, Baş ştabyň 2-nji başlygy Ümit Dündar we Baş ştabyň Baş sekretary Irfan Özsert tarapyndan garşylandy.

Harby dabara toparyna salam beren Binali Ýyldyrym ondan soň bolsa, Baş ştabyň hormatly depderine gol çekdi. Dabaradan soň Ýyldyrym Akar bilen duşuşyk geçirdi.

FETÖ-niň agdarlyşyk synanyşygynda nyşana alynan esasy ýerleriň biri bolan Baş ştaba düýn bolsa Prezident R.T. Erdogan baryp görüpdi.



Degişli Habarlar