“Adalat, buýsanjy we hukugy üçin göreşýän zenanlary goldaýarys”

Prezident R.T.Erdogan adalat üçin, buýsançlary we hukuklary üçin göreşýän ähli zenanlary soňuna çenli goldajakdyklaryny aýtdy

446263
“Adalat, buýsanjy we hukugy üçin göreşýän zenanlary goldaýarys”

Erdogan Bütindünýä aýal-gyzlar güni mynasybetli Hak-iş kärdeşler arkalaşygy tarapyndan guralan “5-nji Halkara Zenan zähmeti duşuşygyna" gatnaşdy.

Zähmetleri bilen durmuşyň ähli ugurlarynda orun eýelän, üstün gazanan ähli zenanlara minnetdarlyk bildiren Erdogan: “Siz zenanlaryň adam hökmünde ähli özboluşlyklaryndan daşgary şahslar hökmünde bu ýurtda ýaşap biljekdigini, öz güzeranlaryny dolandyryp biljekdiklerini görkezen gahrymanlar. Şol bir wagtda siz zenanyň haryda öwrülmän, diňe jynsy taýdan hyýanatçylykly peýdalanylman, öz şahsyýeti, ynanjy, gymmatlyklary bilen durmuşda laýyk bolan ornuny eýeläp biljekdiginiň subutnamasy" diýdi.

“Deňlik bahanasy bilen zenanlaryň ähli görnüşdäki kolonializme we betpällige açyk bolan düşünjä hemmelerden ozal zenanlar garşy durarlar" diýen Erdogan;"Adalat erkek-aýal, garry-ýaş tapawut goýmazdan bütin adamzady gyzyklandyrýan meseledir. Zenan bolmasa adamyň bolmajakdygyny ýatdan çykarmaň" diýdi.



Degişli Habarlar