Premýer ministr Dawutogly Eýranda saparda bolýar

Ahmet Dawutogly Eýranyň Wise-prezidenti Ishak Jihangiri tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy

444967
Premýer ministr Dawutogly Eýranda saparda bolýar

Eýrandan resmi saparda bolýan Dawutogly üçin Sadabad köşgünde dabara guraldy.

Iki ýurduň milli gimnleriniň ýerine ýetirilmeginden soň Premýer ministr Dawutogly dabara toparyna salam berdi.

Dabara şeýle hem Ykdysadyýet ministri Mustafa Elitaş, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak, Gümrük we söwda ministri Bülent Tüfenkçi, Galkynyş ministri Jewdet Ýylmaz, Transport, deňizçilik we aragatnaşyk Binali Ýyldyrym, Adalat we ösüş partiýasynyň Baş sekretary Abdulhamit Gül we Adalat we ösüş partiýasynyň Başlygynyň wekili Bülent Turan gatnaşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif we Eýranyň Nebit ministri Bižen Zengene hem dabara gatnaşan adamlaryň arasyndady.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Eýran bilen gatnaşyklarda tapawutly garaýyşlara eýe bolunsada, çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin umumy perspektiwanyň bolmagynyň örän wajypdygyny belledi.

Dawutogly Wise-premýer Ishak Jihangiri bilen geçiren metbugat ýygnagynda: “Eýran bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky potensialy baha bersek, sebitde häzirki wagtdaky durnuksyzlygyň, terror howpynyň we gowgalaryň öňüni almak üçin umumy bir pozisiýa eýe bolmagymyz aňsatlaşar” diýdi.

Ahmet Dawutogly eden çykyşynda: “Käbir meselelerde tapawutly garaýyşlara eýe bolup bileris, emma taryhymyzy we geografiýamyzy üýtgedip bilmeris. Bu taryh gadymy goňşylyk taryhydyr. Geografiýamyz hem biri-biriniň üstüni ýetirýän geografiýadyr. Hem ikiçäk duşuşyklarda, hem toparara duşuşyklarda şu täze döwri nähili galyba salmak meselesinde wajyp ýol kesgitledik” diýdi.



Degişli Habarlar