Türkiýe serhedine elektronik galkan goýar

Ýerli howa goranyş ulgamy KORAL Siriýa serhedinde işjeň ýagdaýda ulanylar

437663
Türkiýe serhedine elektronik galkan goýar

ASELSAN tarapyndan öndürilen ýerli howa goranyş ulgamu KORAL dabara bilen Türkiýäniň harby howa güýçleriniň düzümine girizildi.

Goranmak senagatynyň başlygynyň orunbasary Prof.Dr. Ismail Demir soňky ýyllardaky bolýan söweşlerde elektronik enjamlaryň wajyplygyny bellän bolsa, ASELSAN-yň dolanşyk geňeşiniň başlygy Faik Eken bu ulgamyň dünýäniň diňe birnäçe döwletinde bardygyny mälim etdi.

Ýerli howa goranyş ulgamy KORAL Siriýa serhedinde işjeň ýagdaýda ulanylar.

Ulgam serhediň howpsyzlygyny üpjün eder, düşmanyň roketa, uçar we radar ulgamlaryny täsirsiz ýagdaýa getirip bilýär we şol bir wagtyň dowamynda birnäçe nyşana garşy hüjüm gurap bilýär.

Harby ulaglara oturdylan ulgam ýerleşýän ýerinden onlarça kilometr uzaklykda ýerleşýän duşmanyň ýaraglaryny täsirsiz ýagdaýa getirip bilýär.

Ýurduň goragy üçin wajyp orun eýelejek KORAL 1 müňden gowrak synagdan geçirildi.



Degişli Habarlar