Gresiýanyň Premýer ministr şu gün Türkiýä geler

Çipras Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen Türkiýe-Gresiýa futbol bäsleşigine tomaşa eder

366676
Gresiýanyň Premýer ministr şu gün Türkiýä geler

Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras iş sapary bilen şu gün Türkiýä geler.
Agşamara Stambula geljek myhman Premýer ministr Çipras Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen Türkiýe-Gresiýa futbol bäsleşigine tomaşa eder.
Gresiýanyň Premýer ministriniň ertir irden hem Fener Grek patrikhanasyna barmagyna garaşylýar.
Stambuldan soň Ankara geljek Çipras Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen duşuşar.
Gresiýanyň Premýer ministriniň Jemhuriýet halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly we Halklaryň demokratik partiýasynyň egindeş baştutany Selahattin Demirtaş bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar