"Saýlawda Adalat we ösüş partiýasy üstünlik gazanar"

Dawutogly Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi barada beýanat berdi

348959
"Saýlawda Adalat we ösüş partiýasy üstünlik gazanar"

Premýer ministr Ahmet Dawutogly 1-nji noýabrda geçiriljek saýlawda Adalat we ösüş partiýasynyň üstünlik gazanjakdygyny aýtdy.
Premýer ministr Dawutogly Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi barada hususy telewideniýe kanalyna beýanat berdi.
Dawutogly, “Biz özümizi 1-nji noýabrda özbaşyna hökümet gurjak partiýa hökmünde görýäris. Sowalnamalaryň netijelerini ýekelikde hökümet gurjakdygymyzy görkezýär. Adalat we ösüş partiýasy hökmany suratda esasy partiýa bolar” diýdi.
Premýer ministr Dawutogly terrorçylyga garşy göreş meselesinde hem “ýaragsyzlanma” ünsi çekdi.
Ahmet Dawutogly “haýsydyr bir ýaragly toparyň Türkiýede iş alyp barmagyny islemeýäris” diýdi.
Russiýanyň Siriýada guraýan howa hüjümleri barada hem durup geçen Premýer ministr hüjümleriň terror guramasy DAEŞ-i güýçlendirjekdigini aýtdy.
Premýer ministr “Russiýa, bir taraply ýagdaýda guraýan howa hüjümleri bilen Hama we Homs şäherlerinde asuda ilaty öldürdi. Ol ýerlerde DAEŞ ýok. Siriýada oppozisionerlere we asuda ilata garşy guralan her bir hüjüm ýa DAEŞ-iň ýada Asadyň güýçlenmegine sebäp bolar. 7 ýurt birlikde güýçli jarnama çap edip hüjümlere garşydygyny beýan etdi” diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar