Türkiýe günorta serhedine abanýan howplara garşy çare görýär

Ygtyýarnama Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň garamagyna hödürlendi

337800
Türkiýe günorta serhedine abanýan howplara garşy çare görýär

Türk ýaragly güýçlerine serhetaşa operasiýa guramak jogapkärçiligini berýän we möhledi 2-nji oktýabrda doljak Siriýa we Yrak ygtyýarnamalary Ministrler kabinetiniň mejlisinde gol çekilmeginden soň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň garamagyna hödürlendi.
Ygtyýarnamada Türk ýaragly güýçleriniň serhetaşa operasiýa guramagy, daşary ýurtlaryň ýaragly güýçleriniň hökümet tarapyndan kesgitlenjek çarçuwada Türkiýede iş alyp barmagy göz öňünde tutulýar.
Ygtyýarnamanyň möhlediniň uzadylmagy üçin Mejlisiň adatdan daşary ýagdaýda jemlenişmegi üçin çagyryş berilmegine garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar