Erdogan: "5 G tehnologiýasy üçin taýarlyk görülmeli"

Prezident Erdogan Türkiýäniň tehnologiýa öndürýän we dizaýn edýän ýurtlaryň hataryna goşulmalydygyny aýtdy

245329
Erdogan: "5 G tehnologiýasy üçin taýarlyk görülmeli"

Türk Telekomyň 175 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşan Prezident Erdogan Türkiýäniň öňünde täze maksat goýup, 4 G tehnologiýasynyň ýerine 5 G tehnologiýasyna taýarlyk görülmelidigini aýtdy.
Türk Telekomyň ösüp, kämilleşmeginde hususylaşdyrylmagynyň paýynyň bardygyny nygtan Erdogan, hususylaşdyrma garşy durmak bilen Türkiýäniň ösdürilip bilinmejekdigini gürrüň berdi.
Erdogan: “Hususylaşan Türk Telekom dululygyna öz ileri tutulýan ugurlaryna gönügendigi üçin 10 ýylda şeýle üstünlige eýe bolup bildi. Biz her ugurda şeýle üstünligiň gazanylmagy ugrunda tagalla edýäris” diýdi.
Prezident Erdogan Türkiýäniň geljekki maksatlarynyň tehnologiýany diňe bir import edýän ýa-da ulanýan ýurt däl, eýsem öndürýän we dizaýn edýän ýurtlaryň hataryna goşulmaklyk bolmalydygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar