Jemil Çiçegiň ABŞ-na sapary

TBMM-niň Başlygy Jemil Çiçek ABŞ-na saparyny dowam etdirýär

281817
Jemil Çiçegiň ABŞ-na sapary

Jemil Çiçek Amerikanyň Senatynyň Başlygy Orrin Heç we Wekiller Palatasynyň Başlygy Jon Bonyr bilen duşuşdy.
Duşuşyklarda 1915-nji ýyldaky wakalar we Türkiýe-Amerika gatnaşyklary bilen birlikde sebitleýin meseleler barada pikir alyşyldy.
Çiçek Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän wakalar barada-da pikir alyşylan duşuşykda, sebitde asudalygyň üpjün edilmegi üçin Siriýany we Yragy hem öz içine alýan bitewi syýasatyň alynyp barylmalydygyny aýtdy.
Jemil Çiçek Amerikan-Türk koalisiýasynyň başlygy Linkyn MakKordi we Türk-Amerikan işewür adamlary hem duşuşdy.
Duşuşyklarynyň dowamynda 1915-nji ýyldaky wakalar barada durup geçen Jemil Çiçek Amerikan hökümetiniň ermeni diasporasynyň garalama kampaniýasyna ähmiýet bermeli däldigini aýtdy.
İki ýurduň arasyndaky söwda görkezijilerine-de ünsi çeken Çiçek 20 milliard dollara golaý söwda mukdarynyň ýeterlik däldigini nygtady we işewür adamlaryna Türkiýede ýokary tehnologiýa esaslanýan maýa goýumlaryny goýmaklary üçin çagyryş etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar