Prezident Erdogan Barzanini we ylmy işgärleri kabul eder

Erdoganyň Kosowanyň Daşary işler ministri we Wise-premýeri Haşim Taçi bilen hem duşuşmaryna garaşylýar

222804
Prezident Erdogan Barzanini we ylmy işgärleri kabul eder

Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Premýer ministr Neçirwan Barzani Ankarada saparda bolýar.
Prezident Erdogan şu gün ilki Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Premýer ministr Neçirwan Barzani kabul eder.
Erdogan soň bolsa Prezident saçagynda ylmy işgärleri kabul eder.
Nahara ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary, ylmy işgärler bilen birlikde Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik bilen Adalat we Ösüş partiýasynyň halk deputatlary Burhan Kuzu we Ahmet İýimaýa hem gatnaşar.
Naharda prezidentlik ulgamy meselesi hem gün tertibine getirler.
Prezident Erdogan soň bolsa Amerikan senadynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy senator Bob Korkeri kabul eder.
Prezident R. T. Erdogan Döwlet güniniň çäginde Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen hem duşuşar.
Prezident Erdoganyň Kosowanyň Daşary işler ministri we Wise-premýeri Haşim Taçi bilen hem duşuşmaryna garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar