Erdogan Kuba saparyny tamamlady

Kuba sapar guran ilkinji türk prezidenti bolan R.T.Erdogan Türkiýäniň Kubada metjit gurmagy meýilleşdirýändigini aýtdy

216896
Erdogan Kuba saparyny tamamlady

Paýtagt Gawanada ilki bilen Hoze Martiniň ýadygärligine gül desselerini goýan Erdogan, soň Kubanyň Prezidenti Raul Kastro tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.
Erdogan soň bolsa M.K.Atatürkiň Gawanadaky býustyna baryp, gül desselerini goýdy.
Erdogan son bolsa Harby meýdana we Gawananyň şäher muzeýine baryp gördi.
Ol ýerde beýanat beren Erdogan Kubada gurmak isleýän metjitleriniň Türkiýäniň milli binagärligine laýyk taslama boljakdygyny nygtady.
Erdogan şeýle-de Türk howaýollarynyň täze uçuş merkezleriniň kesgitlenmeginde sebitde ýerleşýän ýurtlary üns merkezine aljakdygyny aýtdy.
Prezident Erdogan Kuba bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda mukdarynyň pes bolmagynyň Kuba goýlan we ynsanperwerlik hem-de wyždan taýdan nädogry hasaplanylýan çäklendirmeler sebäplidigini ünsi çekdi.
Erdogan Latyn Amerika ýurtlaryna guraýan saparynyň soňky Meksika bölümine bolsa şu gün başlaýar.
Saparyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hasam ösdürilmegi maksat edinilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar