Erdogan Günorta Amerika saparynyň çäginde Kolumbiýada bolýar

Prezident R.T.Erdogan ilki Simon Boliwar öýündäki býusta gül desselerini goýar

215221
Erdogan Günorta Amerika saparynyň çäginde Kolumbiýada bolýar

Erdogan soň bolsa Kolumbiýanyň Prezidenti Žuan Manuel Santos Kalderon tarapyndan resmi dabara bilen garşylanar.
İkiçäk we toparara duşuşyklardan soň syýahatçylyk, medeniýet, ekerançylyk we ykdysadyýet ugurlarynda şertnamalara gol çekişiler.
Şeýle-de iki ýurtda iki taraplaýyn görnüşde türk we ispan dilleriniň öwredilmegini ýeňilleşdirmek baradaky teswirnama gol goýlar.
Prezident Erdoganyň saparyna daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, azyk, ekerançylyk we maldarçylyk ministri Mehdi Eker, medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik ýoldaşlyk edýär.
Prezident Kalderon bilelikdäki metbugat ýygnagyndan soň Erdoganyň hormatyna günorta naharyny berer.
R.T.Erdogan saparynyň çäginde Bogota Eksternado uniwersiteti bilen Ankara uniwersiteti tarapyndan bilelikde guralan “1915: Osman imperiýasynyň iň uzak ýyly” temaly maslahatda çykyş eder.
Preident Erdogan Türkiýe-Kolumbiýa İşewürler maslahatyndan son Kuba gider.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar