Prezident Erdogan Kyrşehire iş saparyny gurady

"Türkiýe güýçli döwletiň mirasdary hökmünde dünýäniň dürli künjegine ynsanperwer kömegini bermeli"

203831
Prezident Erdogan Kyrşehire iş saparyny gurady

Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň güýçli döwletiň mirasdary hökmünde dünýäniň dürli künjegine ynsanperwer kömegini bermelidigini aýtdy.
Kyrşehire iş saparyny guran Prezident Erdogan halka ýüzlenip eden çykyşynda täze konstitutsiýanyň tekstiniň taýarlanmalydygynyň möhümdigini belledi.
Paralel ulgama garşy göreşiň dowam etjekdigini aýdan Prezident Erdogan, Türkiýäniň syýasy we ykdysady taýdan çökmegini isleýänleriň arzuw hyýallarynyň puja çykjakdygyny nygtady.
Türkiýäniň berýän ynsanperwer kömekleri barada hem durup geçen Prezident Erdogan “İndi gün tertibi kesgitlenen Türkiýe däl eýsem gün tertibini kesgitleýän Türkiýe bar. Eger güýçli döwlet, güýçli imperatorlygyň mirasdary bolsaňyz ondan dünýänin çar tarapynda kömek berersiňiz” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar