Prezident Erdogan Jibutide

Prezident R.T.Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy Abdullah Ben Abdulaziziň jynaza namazyndan soň Riýatdan Jibuti saparyna başlady

196243
Prezident Erdogan Jibutide

Prezident Erdogany Ambouli howa menzilinde Jibutiniň Prezidenti İsmail Ömer Guelleh we beýleki ýolbaşçylar garşylady.
Efiopiýadan Jibutä baran Prezident Erdoganyň aýaly Emine Erdogany bolsa Jibutiniň Prezidenti İsmail Ömer Guellehiň aýaly Kadra Mahamoud Haid garşylady.
Jibutidäki saparynyň çäginde toparara duşuşyklardan soň Türkiýe bilen Afrikanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada birnäçe şertnama gol çekişildi.
İki lider soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.
Metbugat ýygnagynda Somalide guralan hüjüm barada durup geçen R.T.Erdogan “Musulman dünýäsinde uly oýun oýnalýar, onuň ady Yslamafobiýa. Bu yslam duşmançylygydyr” diýdi.
Prezident terror barasynda bolsa “Haýsy dine uýýan bolsa bolsun, terrorçy ganhordyr, elhençdir. Musulmanlaryň arasyndan çykýan hem bolsa ganhordyr, hristianlaryň, musaýylaryň arasyndan çykýan hem bolsa ganhordyr” diýdi.
Stambul Meýdanynyň we Ahmet Mazhar Beý şehitliginiň gurluşygyna badalga berme dabaralaryna gatnaşjak Erdogan Jibutiniň Mejlisiniň başlygy bilen duşuşar we Mejlisiň Baş Assambleýasynda çykyş eder.
Erdogan agşam ara Jibuti-Türkiýe İşewürler Maslahatynyň ahyrky bölümine we İşewürler geňeşiniň naharyna gatnaşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar