Erdogan Şinzo Abe bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

lLderler Siriýada zamun alynan iki ýapon raýaty hakynda pikir alyşdy

192100
Erdogan Şinzo Abe bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezidentiň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanatda liderleriň Siriýada zamun alynan iki ýapon raýaty hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.
İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada hem pikir alyşan iki lideriň zamun alynan 2 ýapon raýatynyň boşadylmagy meselesini ara alyp maslahatlaşandygy ýatladyldy.
Prezident Erdogan iki ýapon raýatynyň boşadylmagy üçin Türkiýäniň maglumat açyş-çalşygyna taýardygyna ünsi çekendigi bellenildi.
Telefon söhbetdeşliginde Sinopda gurulmagy meýilleşdirilýän ýadro desgasy baradaky mesele hem gün tertibine getirildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar