Jemil Çiçek Yrakly kärdeşi Selim Juburi bilen duşuşdy

“Yraklylara gujak açan Türkiýä minnetdarlygymyzy bildirýäris”

190428
Jemil Çiçek Yrakly kärdeşi Selim Juburi bilen duşuşdy

Yragyň Mejlisiniň başlygy Selim Juburi Türkiýede saparda bolýar.
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Jemil Çiçek Türkiýede saparda bolýan Yrakly kärdeşi Selim Juburi bilen duşuşdy.
Duşuşykda YSYS terror guramasyna garşy göreş meselesi seljerildi.
Mejlisiň başlygy Jemil Çiçek “YSYS sebit üçin şeýle hem adamzat üçin beladyr we ýok edilmeli” diýip belledi.
Jemil Çiçek terrora garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyna ünsi çekdi.
Yragyň Mejlisiniň başlygy Selim Juburi saparynyň çäginde TRT-ä gelip gördi.
Yrakda 2 milliona golaý adamyň göçmäge mejbur bolandygyny aýdan Juburi “Yraklylara gujak açan Türkiýä minnetdarlygymyzy bildirýäris” diýip belledi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar