Mewlüt Çawuşogly Kuweýde bardy
Daşary işler ministr resmi sapar bilen Kuweýde gitdi
Düýn agşam Kuweýde baran Çawuşogly Türkiýäniň Kuweýtdäki Baş ilçisi Salih Murat Tamer, Kuweýdiň daşary işler ministrliginiň Ýewropa sebiti boýunça müdiri Welid Al Hubazi we Kuweýdiň Türkiýedäki Baş ilçisi Abdulaziz ad-Duweýk tarapyndan garşylandy.
Çawuşogly saparynyň çäginde Kuweýdiň emiri Şeýh Sabah al-Jabir as-Sabah tarapyndan kabul ediler.
Kuweýdiň Premýer ministri Mubarek Jabir as-Sabah bilen duşuşjak Mewlüt Çawuşogly soň bolsa Mejlisiň Başlygy Merzuk Ali al-Ganim bilen görüşer.
Ministr Çawuşogly Kuweýdiň daşary işler ministri Sabah Halid as-Sabah bilen geçirjek toparara gepleşiklerinden soň bilelikde metbugat ýygnagyna gatnaşar.
Degişli Habarlar
Gresiýanyň Premýer-ministri Ankarada Saparda Bolýar
Mikotakis Prezidentiň Kompleksinde Prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi.