Prezident Erdogan Olanda gynanç bildirdi

Erdogan Türkiýäniň Fransiýa bilen terrorçylyga garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny belledi

179631
 Prezident Erdogan Olanda gynanç bildirdi

Prezident Erdogan Olanda gynanç bildirdi.
Prezident R. T. Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olanda telefon edip Pariždäki terrorçylykly hüjüm sebäpli gynanç bildirdi.
Prezident Erdoganyň telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň Fransiýa bilen arkalaşykly hereket edýändigine we terrorçylyga garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyna ünsi çekendigi nygtaldy.
Şuňa meňzeş hüjümleriň terrorçylyga garşy göreş meselesinde tutanýerli tutumyň alnyp barylmalydygyny görkezýändigini aýdan Erdogan Pariždäki hyýanatçylykly hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna we fransuz halkyna gynanç bildirýändigini belledi.
Fransiýanyň Prezidenti Oland hem Erdogana duýgudaşlygy sebäpli minnetdarlyk bildirdi we “Türkiýäniň bize goldaw berýändigini bilýäris” diýdi.
Terrorçylaryň yslam dini meselesinde dartgynlyk emele getirmegi we Fransiýanyň asudalygyny bozmagy maksat edinýändigini aýdan Oland emma bu oýuna rugsat bermejekdiklerini ýatlatdy.
Fransiýanyň Prezidenti terrorçylyga garşy hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi barada Türkiýe bilen şol bir garaýşa eýediklerini belledi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar