Prezident Erdogan musewileriň Hanuka baýramyny gutlady

Erdogan musewi raýatlaryna “asudalyk, jebislik, parahatçylyk we bagtyýarlyk”arzuw etdi

149839
Prezident Erdogan musewileriň Hanuka baýramyny gutlady

Prezident Erdogan musewileriň Hanuka baýramyny gutlady.
Prezident R. T. Erdogan Hanuka baýramy mynasibetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde musewi raýatlaryna “asudalyk, jebislik, parahatçylyk we bagtyýarlyk”arzuw etdi.
Prezident Erdogan ýüzlenmesinde “Musewi raýatlarymyzyň Hanuka baýramyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Medeni köp dürlüligi Türkiýäni şu günlere çenli alyp gelen jebisligimizi we agzybirligimizi berkiden, arkalaşygy ýola goýan esasy baýlygymyz hökmünde görýaris. Türkiýe bu baý medeni we taryhy mirasyny geljekde-de gorap saklar” diýip belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar