Erdogan: "Türkiýe ähli ugurda Afrikany goldaýar"

Ekwatorial Gwineýa Respublikasynda geçirilen Türkiýe-Afrika Hyzmatdaşlyk Maslahaty öz işini tamamlady

201156
Erdogan: "Türkiýe ähli ugurda Afrikany goldaýar"

Maslahatda Türkiýä Prezident R.T.Erdogan wekilçilik etdi.
Erdogan maslahatda sözlän sözünde Türkiýäniň ähli ugurlarda Afrika ýurtlaryny goldaýandygyny nygtady.
Şol bir wagtda Afrika Bileleşiginiň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän Moritaniýanyň Prezidenti Muhammed Ould Abdulaziz bilen Ekwatorial Gwineýanyň Prezidenti Obiang Nguema Mbsogo bolsa çykyşlarynda hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Türkiýe-Afrika Hyzmatdaşlyk Maslahatynyň üçünjisi 2019-njy ýylda Stambulda geçiriler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar