Dawutogly Obama bilen duşuşdy

Türkiýe Siriýa we Yrak meselelerinde umumy strategiýa taýarlanmagynyň tarapynda durýar

191783
Dawutogly Obama bilen duşuşdy

G-20-ä agza ýurtlaryň maslahatynda Amerikanyň Prezidenti Barak Obama bilen duşuşan Premýer ministr Ahmet Dawutogly Obamada Waşingtonyň Siriýa syýasaty boýunça ögerlişik bilen bagly “güýçli alamatlaryň” bardygyny aýtdy.
Duşuşyk barasynda žurnalistlere beýanat beren Dawutogly “Biz erjellik bilen şuny aýdýarys: integrirlenen strategiýa gerek. Biz diňe şondan soň jogapkärçilik alarys” diýdi.
Azat Siriýa Goşunyny we parasatly güýçleri gysga möhletde goldamak barsynda ylalaşylandygyny nygtan Dawutogly “Üçünji alternatiwa bolmasa Siriýa meselesini çözmek mümkin däl. Ýagny Siritaýanyň halkynyň Asad bilen YSYS-yn arasynda gysylyp galmagyna ýol berilmeli däl. Bu meselä has gowy göz ýetirendiklerini gördüm” diýdi.
“Aslyna seredilende Amerika bilen Siriýanyň geljegi barasynda düşnüşmezlik ýok. Diňe käte utgaşyklykda kynçylyklar ýüze çykýar” diýen Dawutogly “ABŞ ilki YSYS meselesini çözeli, soň Asadly mesele serederis” diýýärdi. İndi hem YSYS-yň hem-de Başar Asadyň iş başyndan gitmeginiň möhümdigine göz ýetirdi. Çünki hökümetiň Halaba guran hüjümleri YSYS ýok edilen halatynda-da täze bosgun tolkunlary ýüze çykmaga dowam etjekdigini görkezdi” diýdi.
G-20-nin syýasy tapawutlyklara garamazdan gumanitar pajygalara gönükmelidigini nygtan Dawutogly, maslahatdan soň çap edilen jarnamada Türkiýäniň meselä üns çekilmegi baradaky teklibiniň hem kabul edilendigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar