Jemil Çiçek bilen Arynç DKTR-na bardy

Jemil Çiçek bilen Wise-premýer Bülent Arynç Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň döredilen gününiň 31 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin DKTR-na gitdi

190502
Jemil Çiçek bilen Arynç DKTR-na bardy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Jemil Çiçek bilen Wise-premýer Bülent Arynç Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň döredilen gününiň 31 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin DKTR-na gitdi.
Jemil Çiçek bilen Bülent Arynç ilki Prezident Derwiş Erogly tarapyndan kabul edildi.
Prezident Derwiş Erogly kabul edilşikde DKTR-nyň Enewatan Türkiýäniň goldaw bermeginde döredilendigini nygtady we Kipr türk halkynyň adyndan minnetdarlygyny bildirdi.
Mejlisiň başlygy Jemil Çiçek bolsa baýramyň diňe Kipr türk halkynyň däl eýsem Türkiýäniň hem baýramydygyna ünsi çekdi.
Jemil Çiçek “Kipr gowgasy biziň milli gowgamyzdyr, Enewan Türkiýe DKTR-na goldaw bermäge dowam eder” diýdi
Wise-premýer Bülent Arynç hem uly topar bilen Kipra gelendiklerini we Kipriň halkynyň asudalygy üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.
Jemil Çiçek bilen Bülent Arynç DKTR-nyň Jemhuriýet mejlisiniň başlygy Sibel Siber bilen hem duşuşdy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar