Çako "Türkiýe Balkanlarda diýseń aktiw"

Makedoniýanyń Döwlet ministri Furkan Çako Türkiýe barada öwgüli sözler aýtdy

168707
Çako "Türkiýe Balkanlarda diýseń aktiw"

Çako “Türkiýe Balkanlarda diýseń aktiw”
Makedoniýanyń Döwlet ministri Furkan Çako “10-12 ýyldan bäri Türkiýäniń Balkanlar barada aktiw daşary syýasat alyp barýandygyny esasan hem R. T. Erdoganyń Prezidentlige saýlanmagy, Ahmet Dawutoglynyń hökümeti gurmagy we Mewlüt Çawuşyglynyń Daşary işler ministri hökmünde bellenmegi geljek gatnaşyklarymyzyń has-da ösmegine itergi berer” diýdi.
Ministr Çako wezipesiniń Makedoniýa bilen Türkiýäniń arasyndaky syýasy, ykdysady we söwda gatnaşyklarynyń ösdürilmegine goşant goşmakdygyny aýtdy.
Makedoniýa bilen Türkiýäniń arasyndaky gatnaşyklaryń taryhyń çuńluklaryna çenli uzap gidýändigini aýdan Çako “Gatnaşykalrymyzy söwda we ykdysady taýdan hem ösdürmek isleýäris. Şol çäkde Türkiýä ýygy-ýygydan saparlar guralýar” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar