Dünýäde her ýyl 6 million çaga açlyk sebäpli ölýär

1 million 300 müń tonna azygyń bolsa zir-zibile taşlanýar

159864
Dünýäde her ýyl 6 million çaga açlyk sebäpli ölýär

Dünýäde her ýyl 6 million çaga açlyk sebäpli ölýär.
Azyk, oba hojalyk we maldarçylyk ministri Mehdi Eker dünýäde her ýyl 6 million çaganyń açlyk sebäpli ölýändigini, muńa garamazdan 1 million 300 müń tonna azygyń bolsa zir-zibile taşlanýandygyny aýtdy.
Mehdi Eker Stambulda Bütindünýä Azyk güni mynasibetli geçirlen çärä gatnaşdy.
Ministr Eker azygyń paýlanşyndaky adalatsyzlyga ünsi çekdi.
Dünýäde 900 million adamyń açlyga sezewardygyny aýdan Eker, muńa garamazdan dünýäniń birnäçe ýerinde aşa çişiklige garşy göreşilýändigini belledi.
Azyk, oba hojalyk we maldarçylyk ministri Mehdi Eker “Kimi doklyk, kimi bolsa açlyk sebäpli ejir çekýär” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar