Türkiýede döwrebap deňizasty gämileri öndürilýär

Elektrik toguny özi öndürýän we suwuň aşagynda 14 gün möhlet bilen ýüzüp bilýän deňizasty gämileri Türkiýäniň Göljük etrabynda öndüriler

137890
Türkiýede döwrebap deňizasty gämileri öndürilýär

2 milliard dollarlyk taslamanyň çäginde öndüriljek 6 sany täze deňizasty gämisi üçin Görljügiň harby gämi gurluşyk werfinde işe girişildi.
Dünýäde deňizasty gämisini öndürme mümkinçiligine eýe bolan, Kojaeli welatýatynyň Göljük etrabyndaky Merkezi harby deňiz bazasynyň serkerdeligine degişli gämi gurluşyk werfi, 1926-njy ýyldan bäri 500-e golaý gämi bilen 11 sany deňizasty gämisini gurmagyň hötdesinden geldi.
2014-2024-nji ýyllaryň aralygynda guruljak döwrebap 6 sany deňizasty gämisi üçin işe girişildi.
Taslamanyň esasy özboluşlygyndan biri howadan garaşsyz ulgamlar we täze tipli torpedalar bilen birlikde gözegçilik ulgamlaryna türk firmalarynyň hem gatnaşmagy.
Deňizasty gämileriniň esasy özboluşlygy bolsa suwuň aşagynda uzak möhletli galyp bilmegi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar