Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2134812
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: Germaniýadaky rasist hüjümlere synçy bolup galmarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň asly türk 4 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan Solingen şäherindäki hüjüme ýene-de bir gezek reaksiýa bildirendigini ýazýar. Mesele boýunça Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen maslahatlaşandygyny aýdan Erdogan; “Bu pajygaly wakalara synçy bolup galmarys, kazyýet işi bilen ýakyndan gyzyklanarys” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Erdogan günbatara islamafobiýa boýunça duýduryş berdi” söz başyly habarynda, günbatarda günsaýyn artýan yslam duşmançylygyna ünsleri çeken Prezident Erdoganyň; “Aşa sagçy akymlaryň käbir Ýewropa ýurtlarynda gönüden döwlet tarapyndan hemaýat edilmegi utandyryjydyr, masgaraçylykdyr” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: ABŞ Gaza aksionerlerine gysyş edýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Abda Ysraýyly protest edenlere garşo gysyş edilmegine reaksiýa bildirendigini ýazýar. Prezident Erdogan; “Käbir abraýly uniwersitetlerde wyždanly talyplar we alymlar gyrgynçylyga reaksiýa görkezýär. Gysyşa, gynamalara sezewar bolýarlar. Rektorlar, alymlar işden çykarylýar, basyş edilýär” diýdi.

“Star” gazeti “Türkiýäniň Ysraýyla garşy karar dünýä metbugatynda” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Türkiýäniň Günorta Afrikanyň Ysraýyla garşy Halkara adalat diwanynda gozgan kazyýet işine tarap bolup gatnaşmak hakynda karara gelendigini aýdandygyny ýatladýar. Ministr Fidanyň beýanaty dünýä mediasynda giň seslenme döretdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe bilen Yragyň arasynda möhüm başlangyç” söz başyly habarynda, Yragyň serhet goşunlarynyň Türkiýäniň operasiýa zolaklaryna ýakyn nokatlarda baza açýandygyny mälim edýär. Milli goranmak ministrliginiň bu barasyndaky beýannamasynda: “Terror guramasy PKK-nyň aksiýalarynyň öňüniň alynmagy maksady bilen Yrak bilem ýurdumyzyň arasyndaky işler utgaşykly dowam eder” diýilýär.



Degişli Habarlar