Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2043839
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “TBMM-niň Başlygy Kurtulmyş grek wekile berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmyşyň düýn İrlandiýanyň paýtagty Dublinde geçirilen Ýewropa ýurtlarynyň Parlamentleriniň Başlyklarynyň maslahatynda “Türkiýäniň Kiprde, Azerbaýjanyň bolsa Garabagda basyp alyjydygyny” öňe süren Kipriň grek dolanşygynyň Wekiller Mejlisiniň Başlygy Annita Demitriniň sözlerine berk gaýtawul görkezendigini ýazýar. Kurtulmyş; “Kiprdäki basyp alyjy Türkiýe däl, 1960-njy ýylda gurlan kanuny Kipr Respublikasyny ýok eden, Respublikany basyp alan grek tarapynyň basyp alyjylygydyr” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Milli goranmak ministrligi 1-nji ýanwardan bari 1,351 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň 1-nji ýanwardan bari 80 sanysy soňky 1 hepdede, jemi 1,351 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berendigini ýazýar. Şeýlelikde 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan şu günki güne çenli täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 38,694-e ýetdi.

“Sabah” gazeti “Türkiýe Moldowa tebigy gaz eksport eder” söz başyly habarynda, Türkiýeden Moldowa her gün 2 million m3 tebigy gazyň eksport edilmegi hakynda iki ýurduň arasynda ylalaşyk gazanylandygyny ýazýar.  

“Star” gazeti “Gusman: Prezident Erdogan şeýle güýçli lider welin, dünýäde esasy meseleler Türkiýesiz çözülmeýär” söz başyly habarynda, Russiýada Prezident R.T.Erdogan hakynda dokumental film taýýarlan žurnalist Mihail Gusmanyň “Preizdent Erdogan şeýle güýçli şahsyýet, şeýle güýçli lider welin, Türkiýäniň bähbitlerini we Türkiýäniň dünýädäki pozisiýasyny şeýle güýçlendirdi. Dünýädäki ähli möhüm meseleler Türkiýesiz çözülmeýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.

“Haber Türk” gazeti “Türk uniwersitetleriniň taryhy üstünligi” söz başyly habarynda, “Halkara ýokary bilimi derejelendiriş guramasy “THE-niň” 2024-nji ýylda Uniwersitetleriň bütindünýä sanawynda birinji 400-e 3, birinji müňlüge 11 türk ýokary okuw jaýynyň goşulmagyň hötdesinden gelendigini ýazýar. Türkiýeden jemi 75 uniwersitet sanawa girdi we Türkiýe dünýäde wekilçilik edilen ýurtlaryň hatarynda 7-nji orny eýeledi” diýip ýazýar.



Degişli Habarlar