Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1858811
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Gresiýa Lozannanyň kadalaryny berjaý etmeýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň mundan 99 ýyl ozal Lozanna ýaraşyk şertnamasy bilen türk gury ýer serhetleriniň kesgitlenendigini, onuň Gresiýada galan türk azlygynyň hukuklaryny kepillendirýändigini, türk kenarlaryna ýakyn grek adalarynyn harby däl hukuk derejesiniň kesgitleýändigini aýdandygyny ýazýar. Erdogan: “Emma soňky döwürde esasanda Gresiýa tarapyndan türk azlygynyň hukuklarynyň başda durmagynda ylalaşygyň şertleri berjaý edilmeýär ýa-da bilkastlaýyn ýoýulýar. Ýurdumyzyň muny kabul etmegi mümkin däl” diýdi.

“Sabah” gazeti “Türkiýe esasy pozisiýasyny eýeleýär” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Türkiýäniň Russiýa-Ukraina söweşinde taraplar bilen ähli derejede aragatnaşyk saklaýan, dialog ýollaryny açyk tutýan, soňky galla ylalaşygyndaky ýaly mümkin bolan ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýýan esasy ýurt pozisiýasyny eýeleýandigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Prezident Erdogan: “Bize ynanýan dost ýurtlary elmymdama goldadyk, tamalaryny puja çykarmadyk” diýdi.

“Watan” gazeti “Galla geçelgesinde Türkiýä möhüm jogapkärçilik” söz başyly habarynda, 22-nji iýulda gol çekişilen Ukrainadaky galla önümleriniň Gara deňiziň üstaşyr dünýä bazarlaryna çykarylmagy hakyndaky ylalaşykdan soň Stambulda dolanşyk merkeziniň açyljakdygyny mälim edýär. Topara türk admiraly ýolbaşçylyk eder. ukrainalylar we ruslar aýry-aýry otaglarda işlärler. Şeýlelikde 20 million tonna galla dünýä ýurtlaryna ugradylar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Aýasofiýa iki ýylda 6,5 million adam baryp gördi” söz başyly habarynda, Stambulyň zabt edilmegine çenli 916 ýyl buthananyň, 1453-nji ýyldan başlap metjit hökmünde ulanylan Aýasofiýanyň 1934-nji ýylda kabul edilen karara laýyklykda 86 ýylyň dowamynda muzeý hökmünde ulanylandygyny ýazýar. 2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda okalan ilkinji Juma namazy bilen ybadada açylan Aýasofiýa metjidine 6,5 million adam baryp gördi.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe 4-nji Bütindünýä çarwa oýunlaryna taýýarlyk görýär” söz başyly habarynda, Bütindünýä çarwa oýunlarynyň milli sport olimpiadasyna öwrülendigini mälim edýar. 4-nji Bütindünýä çarwa oýunlary 29-njy sentýabr bilen 2-nji oktýabryň aralygynda Bursa welaýatynyň İznik şäherinde geçiriler.



Degişli Habarlar