Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1818175
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan Baýdene 1915-nji ýyldaky wakalar boýunça reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýyldaky wakalar hakynda beren beýanatyna reaksiýa bildirip; “Hormatly Baýden ermeniler bilen bagly taryhy gowy öwrensin, bilsin. Bulary bilmän Türkiýä garşy durmagyny bagyşlamarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Guterriş Prezident Erdogana Ukraina meselesinde sagbolsun aýtdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşandygyny ýazýar. Duşuşykda Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşyldy. Guterriş Erdogana tagallalary üçin sagbolsun aýtdy.

“Haber Türk” gazeti “Braziliýa Latyn Amerikadaky esasy hyzmatdaşymyz” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Braziliýa guraýan resmi saparynda , Braziliýanyň Türkiýäniň Latyn Amerikadaky esasy hyzmatdaşydygyny beýan edip, şol çäkde syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändiklerini aýdandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Akar: Serhet zolagyny doly ýaparys” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň “Penje-Gulp” operasiýasynda şu günki güne çenli 56 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini nygtap, “Operasiýamyz üstünlik bilen, meýilleşdirilişi ýaly dowam edýär. Operasiýamyzyň üstünlikli gutarmagyndan soň serhet zolagyny doly gözegçilik astyna alarys. Terrorçylaryň serhetlerimize geçmegi mümkin bolmaz” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýede oýun bazary giňelýär” söz başyly habarynda, “Geýming in Turkeý” Oýun we sport gullugynyň ýolbaşçysy Ozan Aýdemiriň, “Geýming in Turkeý” tarapyndan çap edilen Türkiýäniň oýun pudagy 2021 habarnamasy hakynda beren beýannamasynda, Türkiýäniň oýun pudagyndaky paýynyň 1,2 milliard dollara ýetendigini, digital oýunçy sanynyň bolsa 42 milliona barabardygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar