Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1812103
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan: Goşunymyz bizi buýsandyrýar” söz başyly habarynda, Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda esgerler bilen agzyny açan Prezident R.T.Erdoganyň “Türk ýaragly güýçlrimiziň serhetlerimizi gorama borjunyň ýany bilen agyr şertlerde dürli ýerlerde alyp barýan operasiýalary global derejedäki betpäl oýunlarda ýurdumyzy hamala diýersiňiz eldegirilmesizleşdirýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Erdogan türk esgeriniň Siriýada, Liwiýada, Yrakdan Garabaga, Ortaýer denizinden Egeýe çenli ençeme sbitde gazanýan üstünliklerine buýsanýandyklaryny aýtdy.

“Hürriýet” gazeti “Kalynyň “täze sowuk söweş” duýduryşy” söz başyly habarynda, Prezidentiniň Diwanynyň metbugat Sekretary İbrahim Kalynyň Ukraina meselesiniň çuňlaşýandygyny beýan edip, täze bir sowuk söweş döwrüniň başlandygyny beýan edendigini ýazýar. Kalyn bu tapgyrda “Türkiýe deňagramly pozisiýasyny dowam etdirer” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Parahatçylyk üçin iň köp tagalla edýän ýurt Türkiýe” söz başyly habarynda, İtaliýanyň Daşary işler ministri Luigi Di Marionuň Ukrainada söweşde parahatçylyk üçin iň köp tagalla edýän ýurduň Türkiýedigini aýdandygyny mälim edýär. Mario: “Hüjümleriň bes edilmezinden ozal ýaraşyk maslahatynyň geçirilmegi ugrunda tagalla edilmeli. Parahatçylyk ugrunda iň köp iş alyp barýan ýurt Türkiýe, ol iki tarap bilen hem aragatnaşykda” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Daşary ýurtlular Türkiýede 10 ýylda 280 müňden gowrak ýaşaýyş jaýyny aldy” söz başyly habarynda, 2012-nji ýyldan bäri Türkiýede satylan ýaşaýyş jaýlaryndaky daşary ýurtly paýy günsaýyn artýan bolsa, soňky 10 ýylda daşary ýurtlulara satylan ýaşaýyş jaýlarynyň jemi sanynyň 287,704-e ýetendigini ýazýar. Soňky 4 ýylda gozgalmasyz emläk almak arkaly 20 müňden gowrak daşary ýurtly türk raýatlgyny aldy.

“Watan” gazeti “İnsuliniň ýerlisi öndüriler” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “İnsulin Türkiýede öndüriler. Horoniki kesellerden biri bolan Süýji keselinde möhüm bolan insuliniň ýerlisini öndürmek üçin iş girişdik. Türkiýäniň Derman we lukmançylyk enjamlar guramasy firmalara çagyryş etdi. Öz Kowid-19 sanjymymyzyň öndürilmeginden soň nobat insuliniň ýerlileşmeginde” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar