Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1811461
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti, “Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, düýn Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda “Türkiýe, Londondan Pekine, Sibirden Günorta Afrika çenli uzap gidýän giň geografiýada logistiki taýdan esasy merkez bolmagy maksat edinýär” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti, “Prezidentiň metbugat sekretary Kalyn, Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ettore Seki bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň, Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ettore Seki bilen duşuşandygyny habar berýär.

Kalyn bilen Seki paýtagt Ankarada bolan duşuşykda, özara gatnaşyklar bilen birlikde Russiýa-Ukraina söweşi we Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

“Watan” gazeti, “Akar: Uçarlarymyzy ýurda getireris” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, ynsanperwer kömegini alyp giden we Ukrainada howa giňişliginiň ýapylandygy sebäpli Borispol howa menzilinde galan Türkiýäniň iki A400M kysymly ýük uçarlarynyň şertlere laýyklykda ilkinji pursatda ýurda getiriljekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Sabah” gazeti, Stambul howa menzili liderlige tarap barýar” söz başyly habarynda, Halkara howa menzilleri geňeşi tarapyndan taýarlanan 2021-nji ýylyň görkezijilerine esaslanýan sanawa görä, Stambul howa menziliniň halkara ýolagçy gatnawynda 26,5 million ýolagçy bilen ikinji orny eýeländigini habar berýär.

“Haber Türk” gazeti, ter gök we miwe önümleriniň eksportyndan üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 762 million dollarlyk girdeji gazanylandygyny mälim edýär.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar