Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1737313
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Pursatlardan ýerlikli peýdalanarys” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň ykdysady krizisleriň gönükdirilmegi taýdan uly tejribä eýe bolan ýurt hökmünde dünýäniň başdan geçirýän ynjyk döwrüniň pursatlaryndan ýerlikli peýdalanjakdyklary hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Erdogan “Maýa goýuma, önümçilige, iş mümkinçiligine uly ähmiýet berýän ykdysady syýasatlarymyz arkaly ýurdymyz üçin bähbitli kararlary kabul ederis” diýdi.

“Watan” gazeti, “Türkiýäniň goranyş senagaty pudagy Grek metbugatynyň gün tertibinde” söz başyly habarynda, Gresiýanyň, Türkiýäniň goranyş senagatynda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny ýazýar.

Grek köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkiýäniň ýerli we milli tehnalogiýalary hakyndaky habarlara giňişleýin ýer berdi we Afininiň Türkiýä garşy alyp barýan tutumy bolsa tankyt edildi.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Afrika ýurtlary terror guramalaryny Türk ýaragly uçarmansz howa ulaglary bilen ýok eder” söz başyly habarynda, Marokkodan, Alžirden we Nigeriýadan soň Nigeriň hem ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB2-leri almak isleýändigini mälim edýär.

Niger mundan soň Al Kaida we DAEŞ ýaly terror guramalaryna garşy göreşini türk ýaragly uçarmansyz howa ulagy we sowutly ulaglar bilen alyp barar.

“Star” gazeti “Somali üçin Türkiýe özboluşly ýere eýe” söz başyly habarynda, halkara jemgyýetçiliginiň Somalini howply hökmünde görýändigini emma Türkiýäniň Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda Somala gitmekden çekinmändigini nygtaýar.

Türkiýede ýokary bilim alan Somalili ýaşlar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösmeginde uly rol oýnaýar.

“Sabah” gazeti “TURKOVAC-da üçünji tapgyr synaglary meýletin müň adam bilen tamamlanar” söz başyly habarynda, täze görnüş koronawirýusa garşy Türkiýäniň taýarlan ýerli sanjymy TURKOVAC-yň üçünji tapgyr synaglarynyň çäginde 3 müň adama sanjym edilmeginiň meýilleşdirlendigini belleýär. Synaglaryň çäginde ýene-de müň meýletine sanjym edilmeginden soň 2022-nji ýylsa sanjymyň öndürilmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar