Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1697597
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Türk goşunlary Owganystandan gaýdýar” söz başyly habarynda, Milli goranmakministrliginin geçirilen gepleşiklerden, bar bolan şertler we ýagdaýlaryň seljerilmeginden soň Türk ýaragly güýçleriniň bölümleriniň Owganystandan göçürilmäge başlanandygyny habar berendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Prezident Erdoganyň Taliban hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Bitlis welaýatynyň Ahlat etrabynda daşary ýurtlaryň Türkiýedäki ilçileri bilen bolan agşam naharynda “Owganystanda jebisleşdiriji hökümet gurulmaly. Talibanyň ýolbaşçylarynyň berýän ýüzlenmelerine häzirlikçe seresaply gowy niýetlilik bilen çemeleşýäris” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Erdogan: Dünýäde her möhüm meselede sözi diňlenýän ýurda öwrüldik” söz başyly habarynda, Malazgirt ýeňişiniň 950-nji ýyllygy mynasybetli Ahlat etrabynda geçirilen çärä gatnaşan Prezident Erdogan; “Düýn öz serhetleriniň çäginde agyr şertlere garşy göreşýän ýurtdan şu günki günde sebitinde we dünýäde her bir möhüm meselede sözi diňlenýän ýurda öwrüldik” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “TURKOWAK” sanjymy 3-nji tapgyr barlaglaryna laýyklykda meýletinlere edilmäge başlandy” söz başyly habarynda, Kaýseri welaýatynyň Erjiýes uniwersiteti bilen Saglygy goraýyş ministrliginiň Türkiýe Saglyk institutlary edarasynyň bilelikde öndüren “TURKOWAK” sanjymnyň 3-nji tapgyr barlaglarynyň çäginde uniwersitetde meýletinleriň sanjymlanmaga başlanandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Stambul howa menzili 2050-nji ýyla çenli “0 emissiýany” kepillendirýär” söz başyly habarynda, Stambul howa menziliniň Halkara howa menzilleri geňeşi tarapyndan başladylan we 238 howa menziliniň degişli bolmagyndaky 2050-nji ýyla çenli “ 0 CO2 Emissiýasy” kepilnamasyna goşulandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar