Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlede giň beýan tapýar.

1695532
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan Ýewropanyň liderlerine çagyryş etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ýewroaly liderlere owgan bosgunlary meselesinde şertler agyrlaşmanka işe girişmekleri üçin çagyryş edendigini ýazýar. ÝB Geňeşiniň Başlygy Mişel we Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Erdogan, Owganystanda we Eýranda degişli çäreler görülmese, täze bir bosgun tolkunynyň emele gelmeginiň gutulgysyzdygyny beýan etdi. Erdogan mesele çykgynsyzlyga öwrülmänkä Ýewropa ýurtlarynyň başda durmagynda ähli taralaryň meselä içginlik bilen çemeleşmelidigini nygtady.

“Hürriet” gazeti “Türkiýe bosgun merkezleri” hakyndaky habarlaryň hakykata bap gelmeýändigini beýan etdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň iňlis köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykan “Owgan bosgunlary üçin Türkiýede migrasiýa merkezlerinin açylmagy üçin meýilnama düzülendigi” hakyndaky habarlar hakynda beýannama çap edendigine ünsleri çekýär. Berilen beýannamada çykan habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigi nygtalýar.

“Star” gazeti “ “Baýraktar TB2” ýaragly uçarmansyz howa ulagy dünýäniň iň gowusy” söz başyly habarynda, uçarmansyz howa ulaglaryny öndürýän “Baýkar” firmasynyň Tehniki müdiri Sekçuk Baýraktaryň Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglary boýunça öňbaşçy pozisiýa eýeleýändigini aýdandygyny ýazýar. Awiasiýa boýunça dünýäde öňbaşçy ýurtlara uçarmansyz howa ulagy satýandyklaryny aýdan Baýraktar, “Baýraktar TB2” dünýäniň iň gowusy” diýdi.

“Sabah” gazeti “Ýokary ösüş rekorduny goýdy” söz başyly habarynda, Türkiýede ýylyň ikinji çärýeginde garaşylýan rekord ösüşiň balanslarda-da görülendigini mälim edýär. Ýylyň birinji ýarymynda söwda dolanşygy ilkinji gezek 1 trillion liradan geçdi. Alynan sap girdeji bolsa 155 göterim ýokarlap, 89,5 milliard lira barabar boldy.

“Haber Türk” gazeti “Türk zenan milli ýygyndy woleýbol komandasy 3 bal gazandy” söz başyly habarynda, Türk zenan mili ýygyndy komandasynyň Serbiýa, Rumyniýa we Bolgariýa tarapyndan bilelikde guralan JEW Zenanlar woleýbol çempionatynyň J toparyndaky üçünji bäsleşiginde Şwesiýny 3-0 hasabynda uçandygyny ýazýar. Ozal Rumyniýany we Ukrainany utan türk komandasy çempionatdaky üçünji bäsleşiginde-de üstün çykdy.



Degişli Habarlar